Turkmenportal logo
14.03.25
2786327863
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa ligasynyň hem-de Konferensiýalar ligasynyň çärýek final jübütleri belli boldy

Ýewropa ligasynyň hem-de Konferensiýalar ligasynyň çärýek final jübütleri belli boldy. Ýewropa ligasynyň çärýek finalynda «Mançester Ýunaýted» «Lion» bilen güýç synanyşar.


Beýleki çärýek final jübütleri aşakdakylardan ybarat:


«Tottenhem» (Angliýa) – «Aýntraht» (Germaniýa)


«Budýo-Glimt» (Norwegiýa) – «Lasio» (Italiýa)


«Reýnjers» (Şotlandiýa) – «Atletik» (Ispaniýa)


Çärýek finalyň deslapky oýunlary 10-njy aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 17-nji aprelde oýnalar. Ýaryşyň şu möwsümdäki finaly 21-nji maýda Bilbao (Ispaniýa) şäherinde geçiriler.


Konferensiýalar ligasynyň çärýek finalynda «Çelsi» «Legiýa» bilen duşuşar.


Turniriň beýleki çärýek final jübütleri:


«Betis» (Ispaniýa) – «Ýagelloniýa» (Polşa)


«Sele» (Sloweniýa) – «Fiorentina» (Italiýa)


«Ýurgorden » (Şwesiýa) – «Rapid» (Awstriýa)


Çarýek finalyň oýunlary 10-njy we 17-nji mart günleri geçiriler. Ýarym final duşuşyklary bolsa 1-nji we 8-nji maý günleri oýnalar. Ýaryşyň şu ýylky ýeňijisi 28-nji maýda Polşanyň Wroslaw şäherinde boljak final oýnunda kesgitleniler.