Turkmenportal logo
13.03.25
1764917649
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi 65 gektar giňeldi

Aşgabat şäheriniň 65 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi. 12-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Karary kabul edildi. Karar merkezi metbugat neşirlerinde çap edildi. Onda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmelidigi bellenilýär.


Karar Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.