Turkmenportal logo
12.03.25
1867118671
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň Çagyryş ligasynda «Arkadag» bilen «Ist Bengal» klublarynyň oýnuna Liwandan eminler bellendi

Türkmenistanyň «Arkadag» kluby bilen Hindistanyň «Ist Bengal» klubynyň arasyndaky AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýnuna Liwandan eminler topary bellendi. Baş emin — Şeýh Ahmad Alaeddin.


Eminler toparynyň düzümine şeýle hem: eminiň kömekçileri Samer Badr we Ali Berri, ätiýaçlyk emini Muat Owfi Eman (Palestina) we oýnuň komissary Dawlatmand Islomow (Täjigistan) girdi.


Duşuşyk 12-nji martda «Arkadagyň» stadionynda geçiriler we ol ýerli wagt bilen 15:30-da başlanar. Ýer eýeleri meýdança ak lybasda çykar, «Ist Bengal» klubynyň futbolçylary gyzyl lybasda oýnar. Bir hepde mundan ozal Kalkuttada geçirilen birinji oýunda Arkadag 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy.


Oýnuň öňüsyrasynda iki toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda metbugat maslahaty geçirildi.