Turkmenportal logo
10.03.25
2240422404
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylda Türkmenistan we Awstriýa medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.


Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklara, hususan-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.


Şeýle-de Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.


Şunuň bilen baglylykda, awstriýa tarapy şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.