Turkmenportal logo
06.03.25
4619746197
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul-Moskwa uçar gatnawlaryndaky ýörite nyrhlarynyň möhletini uzaldýar

Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul-Moskwa ugry boýunça ýörite nyrhlar üçin biletleri sargyt etmegiň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi. Uçar gatnadyjysynyň maglumatlaryna görä, ýolagçylar indi 15-nji marta çenli ýörite bahadan biletleri sargyt edip, satyn alyp bilerler.


Awiakompaniýa häzir uçuşlaryň biletleriniň özüne çekiji bahalaryny – 382 ABŞ-nyň dollaryndan hödürleýär. Şunda awiakompaniýanyň uçary bilen syýahat etmek 31-nji marta çenli döwri öz içine alýar.


Goşmaça maglumatlary almak ýa-da öňünden sargyt etmek üçin ýolagçylar kompaniýanyň ofisinde şu salgy boýunça habarlaşyp bilerler: G. Kulyýew köçesi, jaý 39, «Ussat» binasy.


Habarlaşmak üçin:


  • e-poçta: mailto:askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon: (+993 61) 01 44 33;
  • web-saýt: turkishairlines.com.