Turkmenportal logo
06.03.25
1530715307
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada Permana gol çekdi

5-nji martda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.


Resminama laýyklykda:


— Begnazar Hoşgeldiýewiç Agaýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;


— Annagül Berdinazarowna Begnazarowa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;


— Begmyrat Nurynepesowiç Baýlyýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;


— Oraz Kemalowiç Kemalow Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;


— Erkin Nurmämmedow Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;


— Muhammet Döwranowiç Çaryýew Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi.


Şeýle-de:


— Kyýas Öwezow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;


— Berdimyrat Ýezdankuliýewiç Saparmamedow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.


Perman «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda kabul edildi.