Turkmenportal logo
26.02.25
1318413184
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy
Surat: Kabar.kg

25-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy.


Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, «Manas» Halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Temirbek Erkinow garşylady.


Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bişkege saparynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegine hem-de Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

R.Meredow iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy | Turkmenportal.com