Turkmenportal logo
25.02.25
116103116103
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilaty mart aýynda dört baýramçylyk gününde dynç alarlar

2025-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan çap edilen önümçilik senenamasyna görä, türkmenistanlylar mart aýynda 4 gün dynç alarlar.


Aşakda görkezilen günler resmi dynç günleri diýlip yglan edildi:


  • 8-nji mart — Halkara zenanlar güni
  • 21-22-nji mart — Milli bahar baýramy
  • 30-njy mart — Oraza baýramy

Şunda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, eger işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra güni dynç güni (ýekşenbe) bilen gabat gelse, dynç güni baýramçylykdan ýa-da hatyra gününden soň gelýän iş güni bolýandygy bellenmelidir.