Turkmenportal logo
13.02.25
2019820198
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Neçža 2» Hytaýyň tutuş taryhynda iň girdejili film boldy
Surat: Rg.ru

«Neçža 2» animasion filmi Hytaýyň bütin taryhynda iň köp kassa toplan we dünýä prokatynyň ilkinji 25-ligine giren ilkinji aziýa filmi boldy. Bu barada «rg.ru» ýazýar.


Film 9,18 mlrd ýuan ýa-da 1,28 mlrd dollardan gowrak kassa ýygymyny toplady. Onuň halkara bazaryndaky prokaty hem üstünlikli dowam edýär, animasion filmiň Demirgazyk Amerikadanyň prokatyndaky käbir görkezilişleri üçin petekleriň deslapky satuwlary 90 göterime deň boldy.