Turkmenportal
03.02.2025
2392723927
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýangyç guýulýan beketleriň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanda ýangyç guýulýan beketleriň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda awtoulaglara ýangyç guýulýan nokatlaryň sanyny has-da köpeltmek üçin çäreler görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 31-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Batyr Amanowyň hasabatynda aýdyldy.


"Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde paýtagtda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny, dürli önümçilikleri döretmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer nebit önümleri bilen sarp edijilere hyzmat edýän nokatlary has-da artdyrmak üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, hormatly Prezidentiň garamagyna degişli teklibi hödürledi" diýlip, habarda aýdylýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda içerki sarp edijileri hem-de üstaşyr geçýän ulaglary ýangyç serişdeleri bilen üpjün etmek babatda döwrebap hyzmatlaryň ýola goýulýandygyny aýtdy.


Döwlet Baştutany sarp edijilere edilýän hyzmatlary has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.