Turkmenportal logo
03.02.25
2192321923
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy 2025-nji ýylyň CAFA çempionatynda çykyş eder

9-16-njy fewral aralygynda Duşenbede Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionaty geçiriler. Ýaryşa Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary gatnaşar.


CAFA Zenanlar Futzal Çempionaty-2025 ýaryşynyň düzgünnamasynyň esasynda ýygyndylaryň hersi biri-biri bilen aýlaw ulgamy boýunça duşuşar. Ýeňiji toplanan ballaryň esasynda kesgitlener.


Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşa 9-njy fewralda Gyrgyzystanyň ýygyndysynyň garşysyna oýnamak bilen başlar.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýunlarynyň tertibi:


9-njy fewral
14:00 Türkmenistan – Gyrgyzystan


10-njy fewral
16:00 Türkmenistan – Özbegistan


12-nji fewral
19:00 Täjigistan – Türkmenistan


14-nji fewral
16:00 Eýran – Türkmenistan


Oýunlaryň ählisi «Warziş TV» teleýaýlymy arkaly görkeziler.