Turkmenportal logo
28.01.25
3209532095
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Educationusa Competitive College Club maksatnamasy anketalary kabul edip başlady
Educationusa Competitive College Club maksatnamasy anketalary kabul edip başlady

“EducationUSA Competitive College Club” – bu ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna ýazylmak isleýän, 9-12-nji synplarda okaýan, işjeň we maksadaokgunly orta mekdep okuwçylary üçin maksatnamadyr.


Maksatnama gatnaşmaklyk mugtdyr, ýöne biz 100% gatnaşmaklygy, 100% höwesjeňligi we 100% inisiatiwany talap edýäris.


Maksatnama güýçli saýlaw esasynda tapawutlanýandyr.


Oňa näme girýär:


1. Saýlawlaryňyzy gözlemek: giriş prosesi barada doly gollanman (kollej ýa-da universitet gözlemek, Common App anketasyny doldurmak we ş.m).
2. Okuwyňyzy maliýeleşdirmek: maliýe kömeginiň görnüşlerine, ygtyýarlyklaryna, talaplaryna we möhletlerine düşünmek, maksatnamaň agzalary we ene-atalary üçin maliýe kömegi blankasyny (CSS Profile) doldurmak barada çykyş.
3. Anketany doldurmak: Goşmaça we tapawutly düzme ýazmak we gözden geçirme kömegi, Common App Activities List üçin iň gowy strategiýalar, we ýazmak boýunça maslahatlar.
4. Indiwidual maslahatlar.


Maksatnamanyň dowamlylygy: 10 – 12 aý.



Maksatnamanyň formaty: ýüzbe-ýüz we onlaýn (ZOOM arkaly).


Saýlaw prosesi:


  • Blankany dolduryň,
  • iňlis we matematika derslerinden test tabşyryň,
  • söhbetdeşlik geçiriň.

Arza bermegiň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 9-njy fewraly.


Soraglaryňyz bar bolsa, şu adreslere ýüz tutuň:


ashgabat@educationusa.org, dashoguz@educationusa.org, mary@educationusa.org, turkmenabat@educationusa.org