Turkmenportal logo
27.01.25
2457424574
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bilimli ädim» Hytaýda okamak üçin talyp hakly maksatnamalary hödürleýär

«Bilimli ädim» hojalyk jemgyýeti Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde daşary ýurtly talyplar üçin maliýeleşdirilýän talyp hakly maksatnamanyň ýola goýlandygyny habar berýär. Hytaýyň hökümeti okuw töleglerini, ýaşaýyş jaýyny, saglyk ätiýaçlandyryşyny we daşary ýurtly talyplar üçin amatly şertleri öz içine alýan tölegsiz ýokary bilim almak üçin ajaýyp mümkinçiligi ýetirýär.


Hytaýyň uniwersitetleri häzirki zaman enjamlary, köp medeniýetli gurşawy hem-de iňlis dili programmalarynyň giňligi bilen tanalýar. Talyp hakly maksatnama halkara medeni alyş-çalşy ösdürmäge we dünýäniň dürli künjeginden bolan zehinli ýaşlara goldaw bermäge gönükdirilendir.


«Bilimli ädim» konsalting kompaniýasy okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda goldaw berýär:


Uniwersitet we maksatnama saýlamak babatda şahsy maslahatlar


Resminamalary taýýarlamaga kömek etmek


Dil goldawy


Talyp hakynyň anketasyny resmileşdirmäge kömek etmek


Okuwdan soňky goldaw beriş işleri


Bu maksatnama uçurymlar, hünärmenler we magistr ýa-da bakalawr derejelerini almagy meýilleşdirýän talyplar üçin örän amatlydyr.



Telefon belgileri:


  • Aşgabat şäheri (+993 64) 52 94 85;
  • Balkanabat şäheri (+993 63) 08 07 66;
  • Türkmenbaşy şäheri (+993 71) 33 53 92;
  • Mary şäheri (+993 71) 33 53 28;
  • Daşoguz şäheri (+993 62) 31 05 54;
  • Köneürgenç şäheri (+993 62) 31 08 63.

Habarlaşmak üçin salgylary:


  • ýerleşýän salgysy: Balkan welaýaty, Balkanabat ş., 189-njy kwartal;
  • elektron poçtasynyň salgysy: bilimli.adim@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: hectm.com.

Öz mümkinçiligiňizi elden bermäň!


Talyp hakly orunlaryň sany çäklidir. «Bilimli ädim» bilen häziriň özünde habarlaşyp, giňişleýin maglumat alyň we resminamalaryňyzy taýýarlamaga başlaň.


Şeýle-de okaň: