Turkmenportal logo
21.01.25
1545915459
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gümrük gullugynyň düzümlerine täze gulluk awtoulaglary berildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki hem-de welaýatlardaky gümrükhanalaryna 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň adyndan täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.


Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerine berlen 7 sany täze, döwrebap gulluk awtoulaglarynda ähli mümkinçilikler, şertler bar. Täze awtoulaglaryň sowgat berilmegi döwrebap Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky gümrükhanalarda hereket edýän Mobil toparlarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, sazlaşykly işleri alyp barmaga uly itergi berer diýlip, habarda bellenilýär.


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkeziniň hem açylyş dabarasy boldy.


Täze merkeziň açylmagy we döwrebap awtoulaglaryň berilmegi Watan goragçylarynyň gününiň ýetip gelýän günlerinde Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna ajaýyp sowgat boldy diýlip, çeşmede bellenilýär.