Turkmenportal logo
14.01.25
2665026650
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Real» Ançelottiniň geljegini Superkubokdaky ýeňlişden soň gözden geçirer

Superkubogyň finalynda «Barselonadan» uly ýeňlişe sezewar bolanyndan soň, Madridiň «Realynyň» ýolbaşçylary toparyň baş tälimçisi Karlo Ançelottiniň wezipesini täzeden gözden geçirmegi meýilleşdirýärler.


Ispaniýanyň goal.com neşiriniň maglumatyna görä, indiki hepdede ýokary derejeli duşuşyklar geçiriler we häzirki ýagdaý seljeriler hem-de italýan hünärmeniniň geljegi kesgitlener.


Ýatlatsak, 12-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen Superkubok oýnunyň netijesinde «Real» esasy bäsdeşi «Barselonadan» 2:5 hasaby bilen utuldy.