Turkmenportal logo
11.01.25
2578625786
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümi tassyklandy

Türkmenistanda Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 10-njy ýanwarda degişli Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama «Magtymguly adyndaky halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 6434-nji Permany bilen tassyklanan Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitet hakynda Düzgünnamanyň üçünji bölegine laýyklykda kabul edildi.


Permanda onuň 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan herekete girýändigi bellenilýär.