Turkmenportal logo
11.01.25
3282632826
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag Medisina Klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli we daşary ýurt kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


Resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.