Turkmenportal logo
09.01.25
3338733387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Bangladeşdäki diplomatik wekilhana baştutanlyk eder

2003-2006-njy ýyllarda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýolbaşçylyk eden Treýsi Enn Jeýkobson 2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Bangladeşde ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili wezipesine başlaýar – diýip, diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär.


Jeýkobson 20 ýyllyk diplomatik işiniň dowamynda üç gezek ABŞ-nyň ilçisi wezipesini eýeledi: Täjigistanda (2006-2009), Türkmenistanda (2003-2006) we Kosowoda (2012-2015). Täze wezipä bellenmezinden öň ol Ýakyn Gündogar işleri boýunça býuronyň uly maslahatçysy we Efiopiýadaky ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bolup işledi.


Diplomat Jons Hopkins Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça iki derejesine - bakalawriat we magistratura derejelerine eýedir. ABŞ-nyň diplomatik gullugyndaky hyzmatlary üçin Döwlet departamentiniň iň ýokary sylagy - Tapawutly gulluk üçin, şeýle hem iki prezident sylagy bilen sylaglandy.


Dakkadaky diplomatik wekilhananyň wagtlaýyn ýolbaşçysy wezipesinde ol ilçihananyň ýolbaşçysynyň orunbasary hökmünde işini dowam etdirjek Megan Boldiniň ornuny eýelär.