Turkmenportal logo
07.01.25
1688316883
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-a 62 million adama howp salýan garly harasat süýşýär

ABŞ-a güýçli garly harasat golaýlaýar, ol soňky 10 ýylda iň rekord derejede bolmak bilen, 62 million adama howp salýar diýip, «MIR 24» habar berýär.


Harasat ýurduň merkezi böleginden gündogar kenarýakalaryny gurşap almak bilen, hatda hakyky gyş seýrek bolýan etraplary-da basar.


Kanzas we Missuri ştatlarynda eýýäm köp ygal düşdi, ýollar taýgançak bolansoň, ýol-ulag hadysalary köpelýär. Jemagat hojalyklary ýollary arassalaýarlar. Ýuta ştatynda gar harsaňlary süýşýär.


Waşingtonda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, häkimiýetler ýerli ýaşaýjylary awtoulaglaryny gyssagly gulluklarynyň işine päsgel bermezlik üçin aýyrmagy haýyş edýärler. Ilat dükanlaryň tekjelerinden azyk we ilkinji nobatdaky harytlary kän satyn alýarlar. Adamlar çörek, suw, içgi we beýleki harytlar üçin uzyn nobata durýarlar.