Turkmenportal logo
02.01.25
1389113891
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hindi kinosynyň saz agşamy bolar
Aşgabatda hindi kinosynyň saz agşamy bolar

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary 9-njy ýanwarda Mukamlar köşgünde geçiriljek hindi kinosynyň saz agşamyna gatnaşmaga çagyrylýar.


Saz agşamy Hindistanyň ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan bilelikde guralar.


Konsertde Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan meşhur hindi filmleriniň sazlary ýerine ýetiriler.


Konsert sagat 19:00-da başlanar.


Konsert giriş petekli bolar. Mugt petekleri 4-nji ýanwardan 7-nji ýanwar aralygynda sagat 14:00-dan 17:00-a çenli Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312) 45 61 52