Turkmenportal logo
23.12.24
1889618896
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kamçatkada 19-njy dekabrda ýiten An-2 uçary tapyldy
Surat: belta.by

19-njy dekabrda Russiýanyň Kamçatka ülkesinde ýiten An-2 uçary tapyldy. Onuň ähli ýolagçylary diri diýip, TASS habarlar gullugy ülkäniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Sergeý Lebedewa salgylanyp habar berdi.


Ministr bu barada sosial ulgamdaky sahypasynda: «Uçar tapyldy... Ýolagçylar Mi-8 uçaryna ýerleşdirilip, Milkowo ugradyldy. Hemmeler diri» diýip, ýazdy.