Turkmenportal logo
21.12.24
2122921229
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TMCELL Täze ýyl arçasy bezelende ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada SMS habarnamasyny iberdi
TMCELL Täze ýyl arçasy bezelende ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada SMS habarnamasyny iberdi
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy «Altyn Asyr» öýjükli operatory arkaly ýurduň raýatlaryna Täze ýyl arçasyny bezänlerinde we Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlananda ýangyn howpsuzlygy barada ýatladýan SMS habarnamasyny iberdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan taýýarlanan habarda şeýle diýilýär:

«Hormatly watandaşlar! Täze ýyl arçasyny bezäniňizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeli! Olaryň golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmagyň, şeýle hem kiçi ýaşly çagalary öyde ýeke galdyrmagyň howpludygyny ýatladýarys».