Turkmenportal logo
18.12.24
1050210502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tailandda balyk ogurlandygy üçin pişigi tussag etdiler
Surat: gazeta.ru

Tailandda ýerli polisiýa balyk ogurlan pişigi tussag astyna aldy. Bu barada SHOT telegram ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Pişik balygy dükanyň öňünde duran motosiklden ogurlady, çap edilen wideoda onuň dişi bilen paketi ýyrtyp, balygy çekip alşy we gaçyp gidişi görünýär. Poliseýler ogry pişigi tiz tapyp, ýerli bölüme getirdiler.


«The Smart Local Malaysia» neşiriniň ýazmagyna görä, çypar pişigi bölümde kän saklaman, azatlyga goýberdiler.