Turkmenportal logo
12.12.24
1802618026
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Dünýä medeniýeti» atly festiwal geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Dünýä medeniýeti» atly festiwal geçirildi. Ol Türkmenistandaky ÝOM-laryň ÝUNESKO kafedralary we klublary tarapyndan bilelikde guraldy.


Festiwalyň çäginde çeper sergi gurlady diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berdi.


Festiwala gatnaşjylaryň öňünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa çykyş etdi. Ol festiwala gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen çäreler barada gürüň berdi.



Soňra Magtymguly adyndaky TDU-nyň, D.Azady adyndaky TMDDI-niň hem-de M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň wekilleri öz hasabatlary bilen çykyş etdiler.


Çäräniň ahyrynda myhmanlar talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde guralan konserte tomaşa etdiler.