Turkmenportal logo
28.11.24
1479314793
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana YHG-nyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi. Şeýle-de YHG-nyň Sekretariatynyň ähli işgärlerine mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.