Turkmenportal logo
19.11.24
1278412784
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Titanigiň» ýolagçylaryny halas eden gäminiň kapitanynyň sagady 2 million dollara satyldy
Surat: report.az

«Titanik» gämisiniň 700-den gowrak ýolagçysyny halas eden «Karpatiýa» gämisiniň kapitany Artur Rostronyň sagady «Henry Aldridge and Son» söwda-satyg oýünde 2 million dollara satyldy. Bu barada BBC habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.


1912-nji ýylda ummanda buzdagy bilen çaknyşan gämide pida bolan telekeçileriň halas edilen aýallary altyndan ýasalan «Tiffany» sagadyny Rostrona sowgat beripdirler.


Habarda sagada tölenen puluň «Titanik» bilen bagly gymmatlyklaryň söwdalarynyň taryhynda iň gymmat bolandygy bellenýär.