Turkmenportal logo
11.11.24
1382113821
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Leonardo Di Kaprio 50 ýaşyny belledi

Geçen şenbe güni amerikan kino ýyldyzy Leonardo Di Kaprio 50 ýaşyny belledi, onuň Los-Anjeles şäherindäki hususy mülkünde guran agşamlygyna Golliwudyň ýyldyzlarynyň köp sanlysy gatnaşdy diýip, «Page Six» neşirine salgylanýan «hellomagrussia.ru» habar berdi.


Agşamlyga meşhur kinorežissýor Stiwen Spilberg, şeýle-de Robert de Niro, Bred Pitt, Edward Norton, Jeými Foks, Orlando Blum, Mark Ruffalo ýaly aktýorlaryň we başga-da köp ýyldyzlaryň gatnaşandygy bellenýär.


Leonardo Di Kaprionyň hakyky doglan güni 11-nji noýabrdyr, emma ol 50 ýaşyny dynç güni – şenbede bellemek isledi diýip, neşir ýazýar.


Baýramçylygyň guramaçylary myhmanlardan agşamlygy surata düşürmezlik üçin ýany bilen el telefonlaryny almazlygy talap etdiler.