Turkmenportal logo
26.10.24
1615116151
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatda özbek harytlarynyň milli sergisi we ilkinji türkmen-özbek sebitara forumy geçiriler

Şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini we ilkinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. "Watan" habarar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew bu baradaky degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem ol goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýuna durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda şu ýylyň iýulynda Daşkent şäherinde-de “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurduň milli önümleriniň sergisiniň üstünlikli geçirilendigi aýdylyp geçildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady we wise-premýere Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de ilkinji türkmen-özbek sebitara forumyny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.