Turkmenportal logo
18.09.24
1318413184
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Ufada geçirilýän GDA-nyň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti 17 — 19-njy sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän GDA-nyň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän habara görä, foruma GDA ýurtlaryndan 200-den gowrak wekil gatnaşýar.


Forumyň temasy «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we köpdürli medeniýetler» diýlip atlandyrylyp, onuň dowamynda häzirki zaman şertlerinde hyzmatdaşlygyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylar we ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alşylar.


Bu çäre GDA-da ýöriteleşdirilen ynsanperwer birleşikleriň ýolbaşçylarynyň mejlislerini, kinorežissýorlaryň, döredijilik bilen bagly ugurlara ýöriteleşen uniwersitetleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki ugurdaş hünärmenleriň tegelek stollaryny öz içine alýar.


Forum GDA agza ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy tarapyndan guralýar.


Foruyň ilkinji gününde «Başkortostan»Döwlet konsert zalynda GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň hem-de Başkortostan Respubikasynyň Döwlet akademiki simfoniki orkestriniň konserti boldy. Onda türkmen sazandalary we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Resul Gylyjow hem çykyş etdiler.