Indoneziýa dünýäniň iň meşhur şypahanaçylyk ýerleriniň biri bolan Bali adasynyň käbir etraplarynda täze binalaryň juda köplügi sebäpli täze myhmanhanalaryň gurluşygyny togtatdy. Bu barada «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» portaly ýazýar.
Balide jahankeşdelik COVID pandemiýasyndan soňra dikeldi, indi häkimiýetler dynç alýanlaryň ýerli infrastruktura, daşky gurşawa hem-de medeniýete agram salýandygy sebäpli biynjalyk bolýarlar.
Ýagdaý bilen baglylykda, adada täze myhmanhanalaryň, otelleriň, willalaryň we gije klublarynyň gurluşygyna gadaganlyk girizildi diýlip, habarda bellenýär.
Gadaganlyk 10 ýyl dowam eder. Geçen ýyl Balide 541 myhmanhana, 2019-njy ýylda bolsa, 507 myhmanhana işledi.
Ada gelýän jahankeşdeleriň sany hem artýar. Mysal üçin, şu ýylyň birinji ýarymynda ol ýere 2,9 mln daşary ýurtly jahankeşde bardy. Bu ýol-gatnaw, gurluşyk babatda kynçylyklary döredýär. Şol sanda özüni gödek alyp barýan jahankeşdeler babatda ýerli ilatyň arasynda nägilelik barha artýar.