Turkmenportal logo
11.09.24
65126512
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmen tarapyndan duşuşyga bilim ministriň orunbasary, halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygy, şeýle hem umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bolan çagalaryň inklýuziw bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sosial goldaw we olary iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meselelere üns çekdiler.



Habarda bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistan, maýyplara goldaw bermek meselesinde öňdebaryjy halkara guramalary we dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirýär.


BMG-niň Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýasynyň (CRPD) durmuşa geçirilişine, şeýle hem global «C5» maksatnamasynyň çäginde tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki başlangyçlara aýratyn üns berildi. Bu başlangyçlar, ähli raýatlaryň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün edýän inklýusiw syýasaty işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi maksat edinýär.


Mundan başga-da, jemgyýetiň ähli ugurlarynda kämillik derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etjek maksatnamalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen halkara guramalary bilen geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Duşuşykda taraplar tejribe alyşmagy dowam etdirmek we mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara goldaw bermek şeýle-de ýurduň sosial, bilim we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmak maksady bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.