Batumi şäherinde Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň CASCA + halkara multimodal ýoluny ösdürmek boýunça altytaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada Tbilisidäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň Metbugat gullugyny habar berdi.

Türkmen wekiliýetine «Demirýollary» AGPJ-nyň baş direktorynyň orunbasary S.Nurberdiýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşykda logistika gurluşlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, CASCA + ulag geçelgesini işjeňleşdirmek, şeýle hem ýol, deňiz, demir ýol we howa ulaglary gatnawlarynda tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar demirýol ulaglary we logistika ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň, global ykdysadyýetde integrasiýa prosesleriniň we durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýydygyny aýratyn belläp geçdiler.
Duşuşygyň netijesi boýunça gatnawlary mundan beýläk-de ösdürmäge we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen Teswirnama gol çekildi.
Şeýle hem, gatnaşyjylar Poti şäherindäki täze multimodal konteýner terminalyna baryp gördüler