Turkmenportal logo
07.09.2024
88978897
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda sanly we "ýaşyl" ykdysadyýet boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler

20-nji sentýabrda Türkmenistanda “Sanly we "ýaşyl" ykdysadyýet -- durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow bu ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.


Hasabatda aýdylmagyna görä, bu forum Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawyna” laýyklykda geçiriler.


Maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we "ýaşyl" ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygyny sanlylaşdyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.


"Bu forumyň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmekden ybaratdyr" diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.