Turkmenportal logo
04.09.24
2780627806
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen World Smart City Expo sergisinde tanyşdyryldy

Arkadag şäheriniň diwarlygy 3-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýan şäherinde açylan World Smart City Expo-2024 Halkara sergisinde görkezildi.


Türkmenistanyň wekilýeti serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär.


Bu ýerde Arkadag "akylly" şäheriniň diwarlygynda onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen sergä gelýän myhmanlary ýakyndan tanyşdyrylýar.


Jemi World Smart City Expo-2024 sergisi 116 pawilýondan ybarat. Sergä Koreýa Respublikasynyň welaýatlary, 60-dan gowrak ýurduň ministrleri, ministrleriň orunbasarlary we welaýat häkimleri derejesindäki wekilleri gatnaşýar diýip, çeşme belleýär.