Turkmenportal logo
29.08.24
78787878
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2024: 21-nji tapgyr üç günde geçiriljek üç duşuşyk bilen dowam eder

Şu gün, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 21-nji tapgyryň ikinji duşuşygy geçiriler. «Paýtagt derbisi» diýip atlandyryp boljak duşuşykda «Aşgabat» «Köpetdagy» kabul eder.


Ýaýrawy bäş güne uzan tapgyrda ertir we birigün ýene-de bir duşuşykdan geçiriler. Has takygy, ertir, 30-njy awgustda «Ahal» «Köpetdagy», 31-nji awgustda bolsa «Altyn Asyr» «Şagadamy» kabul eder. Tapgyryň ilkinji duşuşygynda «ARKADAG» toparynyň Balkanabadyň «Nebitçisini» 5:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.


Ýokary ligada 21-nji tapgyrda gazanan ýeňşinden soň utugyny 57-ä çykaran «ARKADAG» futbol topary ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji we üçünji orunlary paýlaşýan «Ahal» bilen «Altyn Asyrda» 40 utuk bar.


Türkmenistanyň futbol çempionaty - 2024. Ýokary liga


21-nji tapgyryň duşuşyklary


29.08.2024 ý.


"Aşgabat" - "Köpetdag"


30.08.2024 ý.


"Ahal" - "Merw"


31.08.2024 ý.


"Altyn asyr" - "Şagadam".