Wýetnam dünýäde öz tüwüsine iň ýokary nyrh kesdi. Bu barada ýurduň Azyk assosiasiýasyna (VFA) salgylanýan «Vietnam News» portaly habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Häzir arassalanmadyk wýetnam tüwüsiniň (5 göterimlik owradylan) bir tonnasy 575 dollara satylýar. Bu tailand tüwüsinden 14 dollar we pakistan tüwüsinden 34 dollar gymmatdyr.
Wýetnamyň owradylan tüwüsiniň bir tonnasy (25 göterimlik owradylan) 539 dollara çenli gymmatlady. Tailanddan we Pakistandan bolan önüm öndürijiler şeýle tüwiniň tonnasyny degişlilikde, 27 we 22 dollar arzan satýarlar.
Mundan bir aý öň hem Wýetnamda tüwiniň eksport bahasy bäsdeşleriňkiden arzandy. Nyrhlaryň gymmatlamagyna haryda islegiň ýokarlanmagy sebäp boldy diýip, bazary seljerijiler aýdýarlar.