Turkmenportal logo
24.08.24
1248712487
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÜRKSOÝ Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we ömrüne bagyşlanan birnäçe neşirleri çapa taýýarlady

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şahyryň döredijiligine we ömrüne bagyşlanan birnäçe neşirleri çapa taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan eden TÜRKSOÝ Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýaly mizemez adamzat gymmatlyklaryny wasp eden söz ussadynyň baý mirasyny öwrenmäge hem-de wagyz etmäge uly üns berýär.


2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde dabaraly bellenilip geçilýär.