Astrahan şäherindäki (Russiýa Federasiýasy) Türkmenistanyň konsullygy şu gün Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirdi. Bu çärä Türkmenistandan baran wekiliýet hem gatnaşdy.
Ilki bilen Astrahan döwlet uniwersitetiniň seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.
Ondan soň, çäre Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň çykyşy bilen dowam etdi. Onda Magtymgulynyň goşgularyna düzülen aýdymlar ýerine ýetirildi.


W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar beýik şahyryň goşgularyny rus we türkmen dillerinde okadylar diýlip, konsullyk tarapyndan habar berildi.

