Turkmenportal logo
23.08.24
68276827
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Gyşky Aziýa oýunlarynyň birinji dwizionynda çykyş etmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 7 ― 14-nji fewraly aralygynda Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriljek IX Gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşar. Türkmen ýygyndysy Oýunlaryň birinji dwizionynda ýaryşar. Muňa 2017-nji ýylda Sapporoda geçirilen Oýunlaryň ikinji ligasynda gaznaylan ýeňiş mümkinçilik berdi.


Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýewiň maglumat bermegine görä, türkmen ýygyndysy Gyrgyzystan, Tailand we Gonkong bilen bir toparçada ýaryşar. Garşydaşlaryň üçüsiniň hem soňky sekiz ýylda düzümlerini güýçlendirip, tejribe toplandygyna seretseň, Aziýa oýunlaryndaky bäsdeşligiň ýokary derejede boljakdygyna göz ýetirmek kyn däl.


Häzirki wagtda türkmen ýygyndysy öňde boljak duşuşyklara ýokary derejede taýýarlyk görýär.