Turkmenportal logo
23.08.24
1331013310
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy MAFA ― 2024-iň bäşinji orny üçin ýaryşar

Şu gün, 23-nji awgustda Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň (MAFA ― 2024) bäşinji orny ugrunda duşuşyk geçirer. Duşenbe şäherinde geçiriljek we Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanjak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň garşydaşy Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolar.


Ýaryş jemleýji tapgyryna girdi. Final duşuşygy Özbegistanyň we Owganystanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler. Üçünji orun ugrunda bolsa Täjigistan bilen Eýran göreşer.


Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri ýaryşyň «B» toparçasynda Özbegistandan 0:1, Eýrandan bolsa «1:6» hasabynda ýeňlip, üçünji orny eýelediler.


Bu ýaryş türkmen futbolçylary üçin Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň möhüm bölegidir. Türkmen ýygyndysy saýlama duşuşyklaryny 23 ― 27-nji oktýabr aralygynda Tailandda geçirer. Bije çekişligiň netijesinde «D» toparça düşen türkmenistanly ýetginjekler Tailandyň, Hindistanyň we Bruneýiň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.


Georgiý ASLANÝAN,


Turkmenportal.