Zemindäki iň uzak ýaşlylaryň biri Mariýa Brans Morera 117 ýaşynda aradan çykdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Zenan 1907-nji ýylda ABŞ-da doguldy. Özüniň uzak ömründe ol ispan dümewiniň pandemiýasyny (1918–1920), Ispaniýadaky raýatlyk urşuny (1936–1939), iki jahan urşuny hem-de COVID-19 ýokanjyny başdan geçirdi.
Mariýa soňky gezek doglan gününi 2024-nji ýylyň martynda belledi. Ömrüniň ahyrky günlerine çenli ol sagdyn pikirlenýärdi diýip, garry ene bilen gürrüňdeş bolan lukmanlar belleýärler. Ahyrynyň golaýlaýandygyny duýanda, Mariýa ýakynlaryna we tanyşlaryna aglamazlygy haýyş edip, nirä ýola düşse-de, bagtly boljakdygyny aýtdy.
2023-nji ýylda Fransiýanyň Tuluz şäherindäki garrylar öýünde planetanyň beýleki bir uzak ýaşly ýaşaýjysy Lýusil Rendon 118 ýaşynda aradan çykdy.
Mariýa Brans aradan çykandan soňra dünýäniň iň uzak ýaşly adamynyň tituly ýaponiýaly zenan Tomiko Itooka geçdi. Ol häzir 116 ýaşynda. Bu barada «rg.ru» ýazýar.