Turkmenportal logo
20.08.24
1110911109
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýyň täsiri bilen Ýerde gije-gündiz 25 sagada çenli uzap biler
Surat: mir24.tv

Geljekde Ýerde gije-gündiz 25 sagada deň bolar diýip, alymlar habar berdiler. Olara munuň haçan boljakdygyny kesgitlemek başartdy diýip, «MIR 24» ýazýar.


Gije-gündiziň dowamlylygy Aýyň täsirine baglydyr. Häzir onuň biziň planetamyzdan barha uzaklaşýandygy hasaba alyndy. Aý näçe uzaklaşdygyça, onuň dartyş täsiri Ýeriň aýlanmagynyň haýallamagyna sebäp bolýar we gije-gündiziň dowamlylygynyň ýokarlanmagyna eltýär.


Häzirki wagtda Aý Ýerden 384 müň kilometrlikde ýerleşýär, oňa Ýeriň daşyndan bir gezek aýlanmak üçin takmynan 27,3 gün gerek. Öňki barlaglar Aýyň ýylda 3,8 sm tizlik bilen Zeminden daşlaşýandygyny görkezdi. Kesgitli wagtda Aý kadaly aralyga barar we biziň planetamyzyň diňe bir tarapyndan görner.


Wiskonsin-Medison uniwersitetiniň alymlarynyň täze ylmy barlaglarynyň barşynda Ýer bilen Aýyň gadymy döwürlerden bäri özara gatnaşygynyň taryhy dikeldildi. Alnan netijeler 1,8 mlrd ýyl mundan öň Ýerde gije-gündiziň 18 sagat dowam edendigini görkezdi. Aýyň uzaklaşmagy bilen, planetanyň hereketi kem-kemden haýallady, gije-gündiziň dowamlylygy bolsa artdy.


Hasaplamalar geljekde gije-gündiziň 25 sagada deň boljakdygyny görkezdi, emma muňa 200 million töweregi ýyl gerek bolar diýip, «The Daily Mail» ýazýar.