Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk pudagynyň hem durnukly ösýändigini aýdyň görkezdi. Ýurtda ýanwar — iýun aýlarynda gurluşykda jemi içerki önümiň ösüşiniň iň ýokary görkezijileriniň birine, ýagny 9,3 göterime ýetildi. Bu barada TDH habar ýazýar.
Bellenilişi ýaly, Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurtda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilendigi barada aýtdy. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalaryň döredilendigi, köp sanly senagat desgalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi hakynda hem aýdyldy.
Şu ýylyň alty aýynda ýurduň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Ýylyň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesini gurmak hakynda iki sany Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan göz öňünde tutulan meýilnama 107,8 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 880 million manada deň boldy.