Turkmenportal logo
25.07.24
1009010090
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna 60 ýurduň wekilleri gatnaşar
surat: 1news.az

Eýranyň saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň inagurasiýa dabarasyna öz wekilçilikli toparlarynyň gatnaşjakdygyny azyndan 60 ýurt tassyklady. Bu barada ýurduň Mejlisiniň prezidiumynyň agzasy Mojtab Ýusefi habar berdi diýip, «Iran Press» habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.


Ýusefiniň sözlerine görä, 60 ýurduň wekilçilikli toparlary dürli derejede bolmak bilen, olaryň 4-si Prezidentler, 12-si Parlament baştutanlaryndan hem-de 7 Premýer-ministrden ybaratdyr.


Pezeşkiýan Eýranyň Ýokary Lideri Ali Hamenei 28-nji iýulda saýlanan Prezidenti tassyklamak barada Karara gol çekenden soňra, 30-njy iýulda Mejlisiň jaýynda kasam kabul eder.