Turkmenportal logo
22.07.24
3977939779
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada geçirilen boks agşamynda türkmenistanly boksçy tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy

20-nji iýulda Moskwa şäherinde «Pulse UP Box» atly boks ýaryşy geçirildi. «Turkmenportalyň» habarçysynyň berýän habaryna görä, onuň deslapky kartynda türkmenistanly boksçy Hursand Imankulyýew russiýaly Wardan Mortoýany ýeňdi.


Tutluşyk eýýäm ilkinji döwde Imankulyýewiň tehniki nokauty bilen tamamlandy.


Agşamyň esasy tutluşygynda bolsa Wladimir Mineýew Magomed Ismaýilowy eminleriň birazgyzdan gelen netijesi bilen ýeňdi.