Turkmenportal logo
12.07.2024
2750427504
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara gatnaşyklary institutyna täze rektor bellenildi

Gülşat Ýusupowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol bu institutyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Ozal habar berişimiz ýaly, ýokary okuw mekdebiniň ozalky rektory J.Gurbangeldiýew Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenildi.

Halkara gatnaşyklary institutyna täze rektor bellenildi | Turkmenportal.com