Turkmenportal logo
09.07.24
2514125141
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň birnäçe welaýatlarynda hepdäniň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.


Aşgabatda az kem bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gijelerine +22... +24 gradusdan +27... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +36 gradus maýyldan +40... +42 gradusa çenli yssy bolar.


Ahal welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +38... +43 gradusa çenli yssy bolar.


Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +37... +42 gradusa çenli yssy bolup, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.


Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +19...+24 gradusdan +23... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradusa çenli yssy bolar.


Lebap welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +31... +36 gradusdan +37... +42 gradusa çenli yssy bolar.


Daşoguz welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +17... +22 gradusdan +22... +27 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +30... +35 gradusdan +36… +41 gradusa çenli yssy bolar.