Turkmenportal logo
29.06.24
1235112351
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Bolgariýada hem diplomatik wezipäni ýerine ýetirer

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün — 28-nji iýunda degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.