Turkmenportal logo
26.06.24
93029302
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewro ― 2024: şu gün toparçalaýyn duşuşyklar tamamlanar

Şu gün futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda ahyrky duşuşyklar geçiriler. «E» toparça Slowakiýa bilen Rumyniýa, Ukraina bilen bolsa Belgiýa duşuşar. Häzir bu toparlaryň ählisinde 3 utukdan bar.


«F» toparçada Gruziýa Portugaliýa bilen, Çehiýa bolsa Türkiýe bilen güýç synanyşar. Portugaliýa eýýäm indiki tapgyra çykdy, Türkiýäniň 3, Çehiýanyň 1 utugy bar.


Mundan öň Germaniýa, Şweýsariýa, Ispaniýa, Italiýa, Awstriýa, Fransiýa, Abgliýa, Daniýa we Sloweniýa 1/8 finaldaky ýerini berkidipdiler.


1/8 finalda toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar we üçünji orny eýelänleriň iň gowy dördüsi ýaryşar.