Turkmenportal logo
22.06.24
2451724517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL Grand Prisiniň ýarymfinalyndaky garşydaşy belli boldy

PFL promouşeniniň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradowyň Grand Pri ýaryşynyň ýarymfinalyndaky garşydaşy belli boldy. Ol nobatdaky tutluşygyny awstraliýaly Rob Wilkinson bilen geçirer.


Ýaryşyň beýleki ýarymfinal jübütleri bolsa amerikalylar Impa Kasanganaýyň we Joş Silweiranyň arasynda geçer.


Ýagşymyradowyň 22-nji iýuna geçýän gijede PFL- 5-de kamerunly Simon Ýiýongdan üstün çykandygyny ýatladýarys. Türkmen pälwanynyň henize çenli 23 ýeňşi we 7 utulyşy bar.